Ilçi Jon S. MakGregor
Wankuwer şäherinde doglan we Kanadanyň harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi hökmünde 33 ýyl gulluk eden, Jon MakGregor 2021-nji ýylyň maý aýynyň 1-ne ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany wezipesinde işe başlady. Mundan ozal, 2016-2021-nji ýyllar aralygynda, ol ÝHHG-niň Özbegistandaky taslamalarynyň utgaşdyryjysy wezipesini eýeleýärdi. Mundan öň bolsa, 2013-nji ýyldan başlap ÝHHG-niň Bişkekdäki Merkeziniň başlygynyň orunbasary, şol sanda 2015-nji ýylda Ukrainadaky ýörite gözegçilik missiýasynda bir aý we iki ýyllap ÝHHG-niň Bakudaky Edarasynyň başlygynyň orunbasarynyň işini ýerine ýetirijisi wezipesinde işledi (umumy şol edarada alty ýylyň dowamynda zähmet çekdi).
Ilçi MakGregor öýlenen, iki sany çagasy we iki sany agtygy bar. Ol fransuz dilini hem bilýär we azerbaýjan, gyrgyz, özbek we türkmen dillerinde çykyş edip bilýär.
Ilçi MakGregor üç ýyldan geçýän tejribesi bilen ÝHHG-niň taryhynda iň uzak wagt gulluk edip gelýän Kanadaly meýdan wekilhanasynyň baştutany bolup durýar. 2019-njy ýylda Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan «Do’stlik» Döwlet Ordeni bilen sylaglanýar. Şeýle hem ol ÝHHG-niň 2020-nji ýylyň Gender Çempion Baýragynyň ýolbaşçy kategoriýasynda eýesi boldy.